Taryhda 19-njy dekabr

Taryhyň Şu Güni

1326139
Taryhda 19-njy dekabr

 

1957-nji ýylyň 19-njy dekabry… NATO-nyň Parižde geçirilen sammitinde ABŞ-nyň güýçlenýän Sowet howpyna garşy Ýewropa ýurtlaryna ýadro raketasyny ornaşdyrmagyna rugsat berilýär. Şol karara laýyklykda Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen bilelikde ABŞ-nyň harby bazalary Ýewropa ýurtlarynda açylmaga başlanýar.

1987-nji ýylyň 19-njy dekabry… Bolgariýadan gaçyp Türkiýä sygynan Naim Süleýmanoglu ilkinji gezek Halkara Respublika turnirinde Türkiýäniň adyndan çykyş edýär we özüne degişli dünýä rekorduny ýene-de bir gezek goýýar.

1992-nji ýylyň 19-njy dekabry… ABŞ bilen bilelikde 24 ýurt Somalide güýçlenýän içerki çaknyşyklara çäre görmek üçin “Umyt operasiýasyny” başladýar. Türkiýaniň ilki syýasy, soň harby taýdan goldaw beren operasiýasy BMG-niň çäginde amala aşyrylýar. Emma somalili general Aididiň üç sany ýokary derejeli kömekçilisini ele salmak üçin guralan operasiýada 17 sany amerikan esgeri ölýär, 77 sanysy ýaralanýar, bir sanysy ýesir düşýär. Şol wakadan soň Amerikanyň Prezidenti Bill Klinton Amerikan esgerleriniň Somaliden çekiljekdigini beýan edýär.

2003-nji ýylyň 19-njy dekabry… Liwiýanyň lideri Kaddafi ýurdunyň ýadro we himiki ýarag öndürme maksadyndan el çekendigini beýan edýär.



Degişli Habarlar