Taryhda 16-nji dekabr

Taryhyň Şu Güni

1323724
Taryhda 16-nji dekabr

1631-nji ýylyň 16-nji dekabry… Ýewropa materiginiň Wezýuw wulkany atylýar. Wulkanyň atylmagy sebäpli 4 müňe golaý adam ýogalýar.

1727-nji ýylyň 16-nji dekabry… Osman imperiýasynda ilkinji türk kitap “Wankulu Lugaty” İbrahim Müteferrika tarapyndan neşir edilýär.

1773-nji ýylyň 16-nji dekabry… ABŞ-daky iňlis koloniýalarynda remi Londona garşy pitne turýar. “Boston Çaý Şüweleňi” atlandyrylýan wakada çaý salgydyny protest edýänler Boston portundaky 3 iňlis gämisine baryp, çaý gutularyny deňize dökýär.

1920-nji ýylyň 16-nji dekabry… Hytaýyň demirgazyk günbataryndaky Gansu welaýatynda 8,6 bala barabar ýer titremesinde we şondan soň ýeriň süýşmegi sebäpli 200 müňe golaý adam pida bolýar.

1967-nji ýylyň 16-nji dekabry… ABŞ-daky Stanford uniwersitetinde alymlar DNK ulgamyny tapawutlandyrmagyň hötdesinden gelýärler.

1991-nji ýylyň 16-nji dekabry… Gazagystan Sowet Soýuzyndan aýrylyp, garaşsyzlygyny yglan edýär.



Degişli Habarlar