Taryhda 15-nji dekabr

Taryhyň Şu Güni

1323323
Taryhda 15-nji dekabr

 

1893-nji ýylyň 15-nji dekabry… Orhon ýazuw ýadygärlikleri okalýar. Dilçi we Türkolog Wilhelm Ludwig Tomsan Daniýanyň Şalyga degişli Ylymlar akademiýasyna hödürlän işi bilen Göktürk elipbiýini öwrenip, ýazuw ýadygärliklerini okandygyny ylym dünýäsine jar edýär.

1941-nji ýylyň 15-nji dekabry… Rumyniýadan Palestina tarap ugran we 800-e golaý ýehudini alyp barýan “Struma” atly gämi Stambulyň ýalpaklarynda hereketlendirijisiniň döwülmegi sebäpli durmaly bolýar. Halkara basyşlar sebäpli türk hökümeti ýolagçylaryň guryýere çykmagyna rugsat bermeýär, emma gämä her gün azyk ugradýar.

1989-njy ýylyň 15-nji dekabry… Rumyniýada diktator Nikolaý Çawuşeskunyň we aýaly Elenanyň 25-nji dekabrda atylyp öldürilmegine sebäp bolan halk hereketi başlaýar.

1992-nji ýylyň 15-nji dekabry…  TRT-niň ilkinji baş müdiri Adnan Öztrak 77 ýaşynda dünýeden ötýär.

1995-njy ýylyň 15-nji dekabry…  Ýewropanyň Adalat Diwany belgiýaly futbolçy Bosmanyň ýüz tutmasy boýunça gozgalan iş üçin karar kabul edýär. Karara laýyklykda ÝB-ne agza ýurtlaryň milli ligalarynda alynan oýunçylaryň ÝB-niň raýaty bolmagy şerti bilen daşary ýurtly futbolçy çäklendirmesi bes edilýär.


Etiketkalar: #Ruminiýa , #Adnan Öztrak , #TRT

Degişli Habarlar