Taryhda 2-nji dekabr

Taryhyň Şu Güni

1315838
Taryhda 2-nji dekabr

1804-nji ýylyň 2-nji dekabry… Napolýon Bonapart Papanyň gatnaşmagyndaky dabara bilen imperatorlyk täjini geýinýär.

1873-nji ýylyň 2-nji dekabry… Osman imperiýasynyň ilkinji biržasy hasap edilýän “Dersadet Tahwilat Biržasy” açylýar.

1888-nji ýylyň 2-nji dekabry… 1872-nji ýylda ýazyan 4 perdeli teatr oýuny “Watan ýa-da Silistr” bilen tanalan ýazyjy we şahyr Namyk Kemal 48 ýaşynda Hios adasynda dünýeden ötýär.

1920-nji ýylyň 2-nji dekabry… Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Hökümeti bilen Ermenistanyň arasynda Gümrü şertnamasyna gol çekişilýär. TBMM-niň halkara derjesinde gol goýan ilkinji şertnamasy bolan Gümrü şertnamasy güýje girmeýär emma şol şertnamanyň esasynda kabul edilen Moskwa we Kars şertnamalary bilen Türkiýäniň gündogar serhetleri kesgitlenýär.

1942-nji ýylyň 2-nji dekabry… Amerikaly alymlar ilkinji gözegçilikli zynjyrlama atom reaksiýasyny amala aşyrýar. Şol açyş atom bombasynyň öndürilmeginiň özenini emele getirýär.

1956-nji ýylyň 2-nji dekabry… Fidel Kastro Granma ýahtasy bileb Kuba barýar. 5 ýyl soň şol gün Kastro özüni Kubany kommunizme ýetirjek lider hökmünde yglan edýär.

1982-nji ýylyň 2-nji dekabry… Dr.Robert Žawrik tarapyndan oýlanyp tapylan ilkinji emeli ýürek Barneý Klark atly näsaga oturdylýar. Klark 112 gün ýaşaýar.

1993-nji ýylyň 2-nji dekabry… Ömür ýoly filmlere tema bolan kolumbiýaly neşe barony Pablo Eskobar Medellin şäherinde howpsyzlyk güýçleri bilen bolan çaknyşykda öldürilýär.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar