Taryhda 23-nji noýabr

Taryhyň Şu Güni

1310931
Taryhda 23-nji noýabr

1942-nji ýylyň 23-nji noýabry… Mişel Kurtiziň rejisýorlyk eden “Kasablanka” filmi Nýu-Ýorkda görkezilýär.

1946-njy ýylyň 23-nji noýabry… Fransiýa bilen Demirgazyk Wiýetnamyň arasynda uruş turýar. Fransuz deňiz floty Demirgazyk Wiýetnamyň Hai Phong şäherini bombalaýar.

1970-nji ýylyň 23-nji noýabry… Türkiýäniň Şärikdeş bazara agzalygy üçin 22 ýyllyk geçiş döwrüni göz öňünde tutuýan “Goşmaça Teswirnama” Brýusselde gol çekişilýär.

1980-nji ýylyň 23-nji noýabry… İtaliýanyň günortasyndaky Awellino we Basilikat sebitlerinde 6,9 bala barabar ýer titremesi bolýar.  Napoli şäherine täsiri ýeten pajygada 3 müňden gowrak adam pida bolýar.

1985-nji ýylyň 23-nji noýabry… Afynydan Kaire uçan Müsüriň howaýollaryna degişli ýolagçy uçary garakçylar tarapyndan zamun alynýar. Malta gondurylan uçarda garakçylar bilen birlikde 60 adam ýogalýar.

1996-njy ýylyň 23-nji noýabry… Efiopiýa howaýollaryna degişli ýolagçy uçary zamun alynýar. Ýangyjy gutaran uçar Hindi okeanyna gaçýar.


Etiketkalar: #ýyl , #taryh

Degişli Habarlar