Taryhda 10-njy noýabr

Taryhyň Şu Güni

1302950
Taryhda 10-njy noýabr

1938-nji ýylyň 10-njy noýabry… Türk azat edijilik söweşiniň öňbaşçysy, Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti M.K.Atatürk sagat 9:05-de Dolmabahçe köşkünde 57 ýaşynda dünýeden ötýär. Türkiýede milli ýas yglan edilýär. 16-njy noýabrda Beýik öňbaşçysy M.K.Atatürkiň tabydy türk baýdagyna oralyp, katafalkyn üstüne goýulýar we Dolmabahçe köşkündäki uly zala goýulýar.

1953-nji ýylyň 10-njy noýabry… Aradan çykandan 15 ýyl soň Atatürkiň jesedi gurluşygy 9 ýyl dowam eden aramgähine getirilýär. Dabara Prezident Jelal Baýar bilen onlarça müň raýat gatnaşýar.

1965-nji ýylyň 10-njy noýabry… Hytaýda Mao döwrüniň simwolyna öwrülen we müňlerçe adamyň ölmegine sebäp bolan “medeniýet ynkylaby” başlaýar.

1970-nji ýylyň 10-njy noýabry… Sowet Soýuzyna degişli “Lunahod 1” emeli hemrasy älem giňişligine uçurylýar.

1989-njy ýylyň 10-njy noýabry… Ýurdunda türklere eden zulumy bilen dünýäde berk reaksiýa döreden Bolgariýanyň Prezidenti Todor Žiwkow wezipesinden çekilmäge mejbur bolýar.

1996-njy ýylyň 10-njy noýabry… Ankarada jemlenşen onlarça müň adam aradan çykan gününiň 58-nji ýylynda Atatürke minnetdarlygyny beýan etmek üçin garamgähine barýar. Şol gün Atatürkiň aramgähine baranlaryň sany bir milliondan geçýär.



Degişli Habarlar