Taryhda 7-nji noýabr

Taryhyň Şu Güni

1301705
Taryhda 7-nji noýabr

1665-nji ýylyň 7-nji noýabry…354 ýyl neşir edilen “London Gazette” çykarylmaga başlanýar.

1867-nji ýylyň 7-nji noýabry… Radiumy oýlap tapan we 2 gezek Nobel baýragyna laýyk görülen Mari Guri Polşada dünýä inýär.

1913-nji ýylyň 7-nji noýabry… “Inçekesel”, “Baş göteren adam”, “Bagtly ölüm” atly kitaplaryn awtory fransuz ýazyjysy Albert Kamus Alžirde dünýä inýär.

1917-nji ýylyň 7-nji noýabry… Russiýada fewral aýynda Patyşalygyň bes edilmeginden soň Leniniň liderligindäki Bolşewikler Petrogradda gözegçiligi ele geçirýär we taryha “Oktýabr ybkylaby” ady bilen ýazylan döwür başlaýar.

1918-nji ýylyň 7-nji noýabry… Gripp epidemiýasy Ýuwaş ummandaky Günbatar Samoa adasynda köpçülikleýin adam pidalaryna sebäp bolýar. Epidemiýa ýylyň ahyryna çenli ilatyň 20 göterimini emele getirýän 7,5 müňden gowrak adamyň ölmegine sebäp bolýar.

1921-nji ýylyň 7-nji noýabry… taliýada Betio Mussolininiň liderliğinde Milli faşistik partiýa döredilýär.

1982-nji ýylyň 7-nji noýabry… 12-nji sentýabr harby dolanşygy tarapyndan taýarlanan konstitutsiýa üçin Türkiýede referendum geçirilýär.

1996-njy ýylyň 7-nji noýabry… Nigeriýa howaýollaryna degişli ýolagçy uçary Lagosyň golaýynda ýere gaçýar, 143 adam ýogalýar.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar