Taryhda 2-nji noýabr

Taryhyň Şu Güni

1298682
Taryhda 2-nji noýabr

1914-nji ýylyň 2-nji noýabry… 29-njy oktýabrda “Ýawuz” we “Midilli” sowutlylary bilen bilelikde Osman deňiz flotunyň Sewastopoly bombalamagyndan soň Rus Patyşalygy Osman imperiýasyna uruş yglan edýär. Osman imperiýasy bolsa Germaniýa we Awstriýa-Wengriýa imperiýalary bilen ýaranlykda 1-nji Jahan urşuna gaşulýar.

1917-nji ýylyň 2-nji noýabry… Palestinada ýehudilere ýurt berilmegi hakyndaky Balfur Jarnamasy Londonda çap edilýär.

1920-nji ýylyň 2-nji noýabry… İlkinji göni radio ýaýlymy ABŞ-nyň Pittsburg şäherinde amala aşyrylýar.

1936-njy ýylyň 2-nji noýabry… “BBJ” Britaniýada yzgiderli teleýaýlyma başlaýar.

1950-nji ýylyň 2-nji noýabry… Nobel baýragynyň eýesi we tankytçy Jorj Bernard Şaw 94 ýaşynda dünýeden ötýär.

2000-nji ýylyň 2-nji noýabry… 15 ýylyň dowamynda dünýä çempiony derejesini goran Garri Kasparow Bütindünýä küşt çempionadynda Wladimir Kramnikden utulýar.

 


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar