Taryhda 1-nji noýabr
Taryhyň Şu Güni
644-nji ýylyň 1-nji noýabry… Yslamyň 2-nji Halyfy Hezreti Omar Medinede ertirlik namazyny okaýarka Abu Lulue atly jenaýatçynyň hüjümine sezewar bolýar. Jenaýatçy öz janyna kast edip, ölýär, Hezreti Omar bolsa üç soň dünýeden ötýär.
1755-nji ýylyň 1-nji noýabry… Portugaliýanyň patagty Lissabonda bolan güýçli ýer titremeleri we soň emele gelen sunami 90 müň adamyň ýogalmagyna sebäp bolýar.
1923-nji ýylyň 1-nji noýabry… Türkiýäniň Mejlisinde kabul edilen kararnama bilen Soltanlyk bes edilýär.
1928-nji ýylyň 1-nji noýabry… Türkiýede elipbiýi ynkybalyby geçirilýär. Arapça sanlar we harplar bes edilýär, latyn grafikasyna esaslanýan täze türk elipbiýi kabul edilýär.
1945-nji ýylyň 1-nji noýabry… Prezident İsmet İnönü Türkiýäniň Mejlisiniň açylyşynda “Ýeke-täk kemçiligimizi hökümet partiýasynyň garşysynda başga partiýanyň bolmazlygy” diýmek bilen, Türkiýede köp partiýaly ulgama geçiljekdigini beýan edýär.
1954-nji ýylyň 1-nji noýabry… Alžiriň Milli azat edijilik fronty fransuz kolonial dolanşygyna garşy garaşsyzlyk göreşini başladýar. 8 ýyl dowam eden söweşde fransuzlar 1,5 million alžirlini öldürýär.
1993-nji ýylyň 1-nji noýabry… Mastrikt Ylalaşyga güýje girýär we ÝB resmi taýdan döredilýär.
2008-nji ýylyň 1-nji noýabry… 24-nji oktýabrda synag ýaýlymlary bilen çaga tomaşaçylaryna “Salam” beren “TRT Çojuk” çagalar teleýaýlymy öz işine başlaýar.