Taryhda 26-njy oktýabr

Tarýhýň Şu Güni

1295079
Taryhda 26-njy oktýabr

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 26-njy oktýabry… Taryhyň Şu Güni başlaýar…

1461-nji ýylyň 26-njy oktýabry… Trabzon grek imperiýasy Fatih Soltan Mehmediň serkerdelik edýän Osman goşunlaryna boýun egýär.

1923-nji ýylyň 26-njy oktýabry… Türk milli ýygyndy futbol komandasy ilkinji resmi bäsleşigini Taksim stadionynda Rumyniýa bilen oýnaýar. Bäsleşik 2-2-2 hasabynda gutarýar.

1991-nji ýylyň 26-njy oktýabry… Türk ýaragly güýçleri Yrak serhedinden geçip terror guramasy PKK garşy giň gerimli operasiýa başladýar. 20 müň esgeriň gatnaşan operasiýasynda ýüzlerçe PKK terrorçysy ýok edilýär.

1994-nji ýylyň 26-njy oktýabry… Ysraýyl bilen Iordaniýanyň arasynda 46 ýyl dowam eden urşy bes etdiren ýaraşyk şertnamasyna iki ýurduň arasyndaky serhetde 5 müň adamyň gatnaşmagynda gol goýulýar.

2002-nji Moskwanyň teatrynda üç gün dowam eden zamun alma wakasy rus ýörite güýçleriniň geçiren we 50 çeçen partizany bilen zamun alynan 800 adamdan 118 sanysynyň ölmegine sebäp bolan operasiýasy bilen tamamlanýar. Rus güýçleriniň zäherli gaz ulanmagy we zamun alynanlaryň ölmegi sebäpli resmi Moskwa günbatar ýurtlary tarapyndan berk tankyt edilýär.



Degişli Habarlar