Taryhda 23-nji oktýabr

Taryhyň Şu Güni

1292815
Taryhda 23-nji oktýabr

1940-njy ýylyň 23-nji oktýabry… Futbolyň legendary gahrymany Pele Braziliýada dünýä inýär.

1946-njy ýylyň 23-nji oktýabry… 2-nji Jahan urşundan soň döredilen BMG ilkinji umumy maslahatyny Nýu-Ýorkda geçirýär.

1954-nji ýylyň 23-nji oktýabry… 2-nji Jahan urşunda ýeňilen Germaniýanyň NATO agzalygy üçin Parižde ylalaşyga gol çekişilýär.

1956-njy ýylyň 23-nji oktýabry… Wengriýada Sowet basybalyjylygyna we häkimiýetine garşy protestler başlaýar. Bütin ýurtda ýaýbaňlanan demonstrasiýalarda Sowet goşunlarynyň ýurtdan çykarylmagy islenýär. Sowet Soýuzy Wengriýany basyp almak hakynda karara gelýär we gyzyl goşun Budapeşti gabaw astyna alýar. Premýer ministr İmre Nagi Sowet Soýuzyna garşy BMG-dan kömek soraýar, emma garaşýan goldawyny tapmaýar.

1973-nji ýylyň 23-nji oktýabry… ABŞ-nyň Prezidenti Ryçard Nikson “Watergaýt” masgaraçylygy bilen bagly Owal ofisdäki ses ýazgylaryny kazyýete bermegi kabul edýär.

1983-nji ýylyň 23-nji oktýabry… Liwanyň paýtagty Beýrutda Amerikanyň we Fransiýanyň parahatçylyk güýçleriniň ştab kwartiralaryna partlaýyjy ýüklenen ulaglar bilen hüjüm guralýar. Amerikanyň deňiz pyýada güýçlerinden 241 esger, fransuzlardan bolsa 58 esger ölýär.

1993-nji ýylyň 23-nji oktýabry… 1960-njy ýyllarda Türkiýeden alynyp gidilen b.e.ozalky 560-546-njy ýyllardaky Lidiýa swilizasiýasyna degişli “Harunyň hazynasy” 28 ýyl soň Türkiýä getirilýär.

2011-nji ýylyň 23-nji oktýabry… Türkiýe Respublikasynyň taryhyndaky iň güýçli ýer titremelerinden ikisi Wanda yzly-yzyna başdan geçirilýär. 6,7 bala barabar ilkinji ýer titremesinden 18 gün soň 7,2 bala ýer titremesi bolýar. İki ýer titremesinde 644 adam ýogalýar 4 müňden gowrak adam ýaralanýar.



Degişli Habarlar