Taryhda 21-nji oktýabr

Tarýhyň Şu Güni

1291356
Taryhda 21-nji oktýabr

1520-nji ýylyň 21-nji oktýabry… Magellan Günorta Amerikanyň günortasynda öz ady dakylan we Atlantiki okeany Ýuwaş okeana birikdirýän bogazy açýar.

1805-nji ýylyň 21-nji oktýabry… Goratio Nelsoniň serkerdelik etmegindäki iňlis floty Trafalgarda Napalionyň Birleşen Fransuz-İspan flotuny ýeňýär. Admiral Nelson hem söweşde aradan çykýar.

1860-njy ýylyň 21-nji oktýabry… Osman imperiýasynyň ilkinji hususy syýasy gazeti Terjimany Ahwal neşir edilmäge başlanýar.

1935-nji ýylyň 21-nji oktýabry… Gitlerçi Germaniýa Milletler Jemgyýetiniň agzalygyndan aýrylýar.

1945-nji ýylyň 21-nji oktýabry… Fransiýada zenanlar ses berme hukugyna eýe bolýar.

1985-nji ýylyň 21-nji oktýabry… Nemes žurnalisti we ýazyjy Hunter Wallraffyn türk işçisiniň adyndan gürrüň berýän “İň aşakdakylar” atly kitaby çapdan çykýar. Kitap nemesleriň türkler baradaky rasist garaýyşyny berk tankyt edýär.

1987-nji ýylyň 21-nji oktýabry… Türkiýede gurnalan ilkinji F-16 uçary resmi dabara bilen ilkinji uçuşyny amala aşyrýar.

1999-njy ýylyň 21-nji oktýabry… Çeçenistanyň paýtagty Groznide uly söwda merkezine guralan hüjümde 110 adam pida bolýar, 400 adam ýaralanýar.



Degişli Habarlar