Taryhda 20-nji oktýabr

Taryhyň Şu Güni

1290927
Taryhda 20-nji oktýabr

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 20-nji oktýabry… Taryhyň Şu Güni başlaýar…

1827-nji ýylyň 20-nji oktýabry… Osman imperiýasyndan Gresiýa garaşsyzlygyny bermegini islän Britaniýa, Fransiýa we Russiýa Gresiýanyň Nawarin portundaky Osman flotuna hüjüm guraýar.

1921-nji ýylyň 20-nji oktýabry… Sakarýa ýeňişinden soň Türkiýeden çekilmek hakynda karar kabul eden Fransiýa bilen Türkiýäniň Mejlisiniň arasynda “Ankara Şertnamasyna” gol çekişilýär. Şertnama bilen Hataýdan daşgary Türkiýäniň şu günki günorta serhetleri hem kesgitlenýär.

1954-nji ýylyň 20-nji oktýabry… Britaniýada 51 müň port işçisi iştaşlaýyş edýär we ýurduň deňiz söwda gatnaşyklary durýar.

1957-nji ýylyň 20-nji oktýabry… Simplon Ekspresi Edirne şäheriniň golaýynda hereketlendiriji otly bilen kakyşýar, 89 adam ýogalýar, 108 ýolagçy ýaralanýar.

1980-nji ýylyň 20-nji oktýabry… Gresiýa Türkiýäniň wetosyny aýyrmagyndan soň NATO-nyň harby düzümine ýaňadandan goşulýar.

1992-nji ýylyň 20-nji oktýabry… Bingöl welaýatynyň Solhan etrabynyň Hazarşah obasynyň golaýynda awtobusy saklan PKK terrorçylary 19 ýolagçyny şehit edýär.

2008-nji ýylyň 20-nji oktýabry… 17-25-nji dekabr we 15-nji iýyl agdarlyşyk synanşyklary bilen FETÖ terror guramasynyň Türkiýe Respublikasyna garşy duzagy bolandygy ýüze çykarylan Ergenekon operasiýasynyň birinji diňlenşigi 46 sanysy saklanan 86 adamyň gatnaşmagyndan Stambulda başlaýar.


Etiketkalar: #weto , #agzalyk , #NATO , #Gresiýa

Degişli Habarlar