Taryhda 18-nji oktýabr

Taryhyň Şu Güni

1290073
Taryhda 18-nji oktýabr

1867-nji ýylyň 18-nji oktýabry… ABŞ Alýaskany Russiýadan 7,2 million dollara satyn alýar. 22 ýyl soň şol gün Porto Rikony basyp alýar.

1912-nji ýylyň 18-nji oktýabry… İtaliýa bilen Osman imperiýasynyň arasyndaky Tripoli urşunyň bes edilmegi hakynda Uşi şertnamasy baglaşylýar. Ylalaşyga laýyklykda Osman döwletiniň Afrika materigindäki ýeri bolan Tripoli bilen Bengazi İtaliýa berilýär. 12 ada hem wagtlaýynça İtaliýanyň garamagyna degişli edilýär.

1922-nji ýylyň 18-nji oktýabry… İňlis köpçülikleýin haber beriş serşdesi “BBJ” döredilýär.

1931-nji ýylyň 18-nji oktýabry… Amerikaly alym we açyjy Tomas Edison Nýu-Jersi ştatynda dünýeden ötýär.

1935-nji ýylyň 18-nji oktýabry… İtaliýanyň Ortaýer deňzindäki imperializmine garşy Britaniýa, Gresiýa, Türkiýe we Ýugoslawiýa Ortaýer Deňzi Paktyna gol çekişýär.

1967-nji ýylyň 18-nji oktýabry… Sowet Soýuzynyň uçuran “Wenera-4” emeli hemrasy Wenusa baryp ýetýär. “Wenera-4” başga planetanyň atmosferasyny öwrenen we ýaýlym beren ilkinji enjamy bolýar.

1977-nji ýylyň 18-nji oktýabry… Palestinaly generallaryň Somaliniň Mogadişo howa menzilinden alyp gaçan Lufthansa degişli ýolagçy uçaryny ele geçiren anti-terror topary 3 garakçyny öldürip, 86 adamy halas edýär.

1991-nji ýylyň 18-nji oktýabry… Azerbaýjan Sowet Soýuzyndan gaşsyzlygyny yglan edýär.

2007-nji ýylyň 18-nji oktýabry… Pakistanyň ozalky Premýer ministri Benazir Butto 8 ýyl dowam eden sürgünden soň ýurduna dolanyp baranda bombaly hüjüme sezewar bolýar.

2008-nji ýylyň 18-nji oktýabry… Şyrnak welaýatynda terror guramasy PKK garşy geçirilen ýörişe 20 müňe golaý adam gatnaşýar.


Etiketkalar: #Taryhyň Şu Güni

Degişli Habarlar