Taryhda 12-nji oktýabr

Taryhyň Şu Güni

1286565
Taryhda 12-nji oktýabr

1492-nji ýylyň 12-nji oktýabry… Hristafor KolumbKaraip adalaryna barýar we Armika materigine gadam basýar, emma Kolumb Gündogar Hindi adalaryna barandyryn öýdýärdi.

1917-nji ýylyň 12-nji oktýabry… 1-nji Jahan urşynda Belgiýanyň İpres şäheriniň golaýynda gorçiç gazy ilkinji gezek ulanylýar we bir günde 20 müň esger ölýär.

1964-nji ýylyň 12-nji oktýabry… “Jeýms Bond” serialynyň awtory iňlis ýazyjysy Fleming 56 ýaşynda dünýeden ötýär.

1979-njy ýylyň 12-nji oktýabry… Türkiýäniň Gollandiýadaky İlçisi Özdemir Benleriň ogly Ahmet Benler ASALA terrorçylary tarapyndan şehit edilýär.

1984-nji ýylyň 12-nji oktýabry… Terror guramasy İRA Margret Tetçeriň bolýan myhmanhanasyny bombalaýar, Tetçer halas bolýar, 5 adam ýogalýar.

1991-nji ýylyň 12-nji oktýabry… Sowet Soýuzynyň Prezidenti Gorbaçow howpsyzlyk gullugy KGB-ni bes edýär.

1999-njy ýylyň 12-nji oktýabry… Baş ştabyň başlygy general Perwez Müşerref Pakistanda asuda agdarlyşyk bilen ýurduň dolanşygyny ele geçirýär.

2002-nji ýylyň 12-nji oktýabry… İndoneziýanyň syýahatçylyk adasy Balide gijeki klublardan birine guralan hüjümde 202 adam ýogalýar, 300-den gowrak adam ýaralanýar.

2017-nji ýylyň 12-nji oktýabry… Türk goşuny çaknyşyksyzlyk zolagyna gözegçilik etmek üçin Siriýanyň İdlib şäherine girýär. Operasiýa 30 sowutly ulag we 100 esger gatnaşýar.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar