Taryhda 24-nji sentýabr

Taryhyň Şu Güni

1274964
Taryhda 24-nji sentýabr

1852-nji ýylyň 24-nji sentýabry… Fransuz alymy Henri Giffard ilkinji dirižabl uçuşyny amala aşyrýar. Uçuş Parižden 27 kilometr alysdaky Trappese guralýar.

1947-nji ýylyň 24-nji sentýabry… Hindistanda musulman bosgunlary alyp barýan otly Penjap serhedinde saklanýar. Sihler 1200 bosguny atyp öldürýär.

1971-nji ýylyň 24-nji sentýabry… Britaniýa 90 sany rus diplomatyny içalylyk edýändigi sebäpli ýurtdan çykarýar.

1974-nji ýylyň 24-nji sentýabry… Kipr Parahatçylyk operasiýasynyň guralmagy sebäpli ABŞ-nyň Senato Türkiýä harby kömegi bes etmek hakynda karar kabul edýär.

1981-nji ýylyň 24-nji sentýabry… Ermeni terrorçylary Türkiýäniň Pariždäki Başkonsullygyna hüjüm guraýar. Hüjümde howpsyzlyk işgäri Jemal Özen şehit bolýar, Başkonsul Kaýa İnal ýaralanýar.

1996-njy ýylyň 24-nji sentýabry… Türk aýdymçysy Zeki Müren 65 ýaşynda dünýeden ötýär.

2015-nji ýylyň 24-nji sentýabry… Haj parazasyny berjaý etmek üçin baranlaryň bolýan Mina çadyr şäherçesinde bolan dyklyşda 763 adam ýogalýar, 888 adam ýaralanýar.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar