Taryhda 23-nji sentýabr
Taryhyň Şu Güni
1821-nji ýylyň 23-nji sentýabry… Osman İmperiýasyna garşy başlan Mora pitnesinde Tripolise şäherini basyp alan ýaragly grekler asuda ilatdan 10 müňden gowrak türki öldürýär.
1846-njy ýylyň 23-nji sentýabry… Nemes astronomy Ýohann Gotfriend neptuny açýar.
1939-njy ýylyň 23-nji sentýabry… Psihanalist Sigmund Froýd dünýeden ötýär.
1942-nji ýylyň 23-nji sentýabry… Faşistler Oswensim lagerinde ýesirleri gaz bilen öldürmäge başlaýarlar.
1961-nji ýylyň 23-nji sentýabry… THÝ-niň Kipr-Adana-Ankara saparyny amala aşyrýan uçary Etimesgust howa menziliniň golaýynda ýere gaçýar, 28 adam pida bolýar.
1973-nji ýylyň 23-nji sentýabry… Dünýä meşhur çilili şahyr Pablo Neruda aradan çykýar.
1973-nji ýylyň 23-nji sentýabry… 18 ýyl ozal häkimiýetden agdarylan Žulian Peron ýaňadandan Argentinanyň Prezidentligine saýlanýar.
1997-nji ýylyň 23-nji sentýabry… Alžirde guralan hüjümde 200 adam öldürilýär.