Taryhda 17-nji sentýabr

Taryhyň Şu Güni

1270860
Taryhda 17-nji sentýabr

1176-njy ýylyň 17-nji sentýabry… Seljuk Soltany Gylyç Arslan 2-nji bilen Wizantiýa imperatory Manuil 1-njiniň arasynda Denizli welaýatynyň golaýyndaky Mirýokefalon etrabynda bolan söweşide Wizantiýa goşunlary ýeňilýär.

1908-nji ýylyň 17-nji sentýabry… Orwill Wraýt we onuň ýanynda uçan Tomas Selfraýd uçar heläkçiligine sezewar bolýarlar. Heläkçilikde ýogalan Selfraýd uçar heläkçiliginde dünýeden öten ilkinji adam bolýar.

1934-nji ýylyň 17-nji sentýabry… Türkiýe Milletler Jemgyýetine agza bolýar.

1941-nji ýylyň 17-nji sentýabry… Iňlis we Sowet basybalyjylary tarapyndan basylyp alynan Eýranda Ryza Şa tagtdan agdarylýar we ýerine ogly Muhammet Ryza Pehlewi geçýär.

1961-nji ýylyň 17-nji sentýabry… Premýer ministr Adnan Menderes Imralyda ölüm jezasyna höküm edilýär. 29 ýyl şol gün Menderesiň, Polatkanyň we Zorlunyň gubyrlary Prezident Turgut Ozalyň gatnaşmagynda Stambulyň Topgapy etrabyndaky aramgähe getirilýär.

1978-nji ýylyň 17-nji sentýabry… Müsüriň döwlet Ýolbaşçysy Anwar Sadat bilen Ysraýylyň Premýer ministri Menahem Begin Kamp Dewid şertnamasyna gol çekişýärler.

1996-njy ýylyň 17-nji sentýabry… ABŞ-nyň Prezindeti Bill Klinton Kuweýde 3,5 müň esgerden ybarat goşun ugradýar. Klinton Yraga hüjümi bes etmegi üçin duýduryş berýär.

2016-njy ýylyň 17-nji sentýabry… Amerikan harby uçarlary Deýrez Zorda Siriýanyň harby bazasyny bombalaýar. 62 esger aradan çykýar.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar