Taryhda 2-nji sentýabr

Tarýhyň Şu Güni

1262094
Taryhda 2-nji sentýabr

1633-nji ýylyň 2-nji sentýabry… Stambulda uly ýangyn başlaýar. Ýangyndan 20 müňden gowrak jaý ýanýar.

1666-njy ýylyň 2-nji sentýabry… Londondaky uly ýangyn başlaýar we 3 gün dowam edýär. ýangynda 13,200 öýe we 87 buthana zeper ýetýär.

1935-nji ýylyň 2-nji sentýabry… ABŞ-nyň Florida ştatynda tupan sebäpli 423 adam pida bolýar.

1938-nji ýylyň 2-nji sentýabry… Hataýyň Millet Mejlisi açylýar we Hataý döwleti yglan edilýär. Taýfur Sökmen Prezidentlige saýlanýar.

1942-nji ýylyň 2-nji sentýabry… Nemes goşunlary Warşawa Gettosy pitnesinde 50 müň ýehudini öldürýär.

1945-nji ýylyň 2-nji sentýabry… Missuri sowutly gämisinde Ýaponiýanyň boýun egýändigi baradaky ylalaşyga gol çekişilýär. ABŞ-nyň Prezidenti Truman ýeňişini yglan edýär we 2-nji Jahan urşy gutarýar.

1968-nji ýylyň 2-nji sentýabry… Eýran bolan ýer titremesinde 11 müň adam pida bolýar.

1998-nji ýylyň 2-nji sentýabry… Şweýsar Howaýollarynyň ýolagçy uçary Atlantik okeana gaçýar; 229 adam aradan çykýar.

2011-nji ýylyň 2-nji sentýabry… Türkiýe BMG-niň “Mawy Marmara” habarnamasyny çap etmeginden soň Ysraýyla garşy 5 maddalyk sanksiýa kararyny kabul edýär.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar