Taryhda 27-njiawgust

Taryhyň Şu Güni

1258898
Taryhda 27-njiawgust

1389-njy ýylyň 27-nji awgusty… Osman goşunlary Kosowa meýdan söweşinde serpleri ýeňýär. Soltan Murat 1-nji ýeňişden soň söweş meýdanyndan aýlanyp ýörkä ýaraly serp esgerlerinden biri tarapyndan öldürilýär.

1922-nji ýylyň 27-nji awgusty… Türk goşunlary Afýony grek basybalyjylaryndan halas edýär.

1950-nji ýylyň 27-nji awgusty… “BBC” dünýäde ilkinji deňizaşa teleýaýlymyny amala aşyrýar.

1979-njy ýylyň 27-nji awgusty… Türk howaýollarynyň Frankfurtdaky ofisine terror guramasy ASALA tarapyndan bombaly hüjüm guralýar.

1973-nji ýylyň 27-nji awgusty… Türkiýe-Yrak nebit geçirijisiniň çekilmegi boýunça ylalaşyk gazanylýar.

1978-nji ýylyň 27-nji awgusty… Birmaniýa howaýollaryna degişli uçarlardan biri uçup barýarka ýarylýar, uçardaky 14 adam heläk bolýar.

1982-nji ýylyň 27-nji awgusty… Türkiýäniň Kanadaky İlçihanasynyň Harby attaşesi Atilla Altykat terror guramasy ASALA tarapndan guralan ýaragly hüjümde şehit bolýar.

2002-nji ýylyň 27-nji awgusty… Tokioadaky kazyýetlerden biri ilkinji gezek Ýaponiýanyň 2-nji Jahan urşunda we ondan ozal biologik ýarag ulanandygyny ykrar edýär.

2007-nji ýylyň 27-nji awgusty… Gresiýanyň Mora ýarym adasynyň 2/3 bölegine zyýan ýetiren we adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilmegine sebäp bolan tokaý ýangynynda 62 adam pida bolýar.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar