Taryhda 25-nji awgust

Taryhyň Şu Güni

1257701
Taryhda 25-nji awgust

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 25-nji awgusty… Taryhyň Şu Güni başlaýar…

1530-njy ýylyň 25-nji awgusty… Ýewropaly taryhçylar tarapyndan “Elhenç Iwan” atlandyrylan rus Patyşasy Iwan 4-nji dünýä inýär.

1830-njy ýylyň 25-nji awgusty… “Belgiýa ynkylaby” atlandyrylýan Belgiýanyň Golland Şalygyndan aýrylyş tapgyry başlaýar.

1900-njy ýylyň 25-nji awgusty… Meşhur nemes pelsepeçisi Fridrih Nisşe dünýeden ötýär.

1933-njy ýylyň 25-nji awgusty… Hytaýda bolan ýer tiremesinde 9 müň adam pida bolýar.

1940-njy ýylyň 25-nji awgusty… 2-nji Jahan urşunda nemes uçarlary Londony bombalamaga başlaýar.

1944-nji ýylyň 25-nji awgusty… Fransiýanyň 2-nji Sowutly dwiziýasy Pariže girýär, Pariždäki nemes esgerleri boýun egýär.

1997-nji ýylyň 25-nji awgusty… Küşt çempiony Gari Kasparow “Diper Blu 2” bilen bolan bäsleşiginde ýeňilýär. Ol dünýä küşt çempionynyň kompýuterden ýeňilen ilkinji bäsleşigi bolýar.

2000-nji ýylyň 25-nji awgusty… 26-nji Ýewropa Super Kubogyny Çempionlar ligasynyň çempiony Real Madridi Monakoda 2-1 hasabynda utan UEFA-nyň çempiony Galatarasaý eýeleýär.

2010-njy ýylyň 25-nji awgusty… Hytaýda 91 adamly ýolagçy ýuçary ýere gaçýar. Heläkçilikde 43 adam pida bolýar.

2012-nji ýylyň 25-nji awgusty… Aýa bara ilkinji adam, amerikaly Neil Armstrong dünýeden ötýär.



Degişli Habarlar