Taryhda 20-nji awgust…

Tarýhýň Şu Gün

1255066
Taryhda 20-nji awgust…

636-njy ýylyň 20-nji awgusty… Halid bin Welidiň serkerdelik edýän arap goşunlary Wizantiýany Ýermuk urşunda ýeňip, Siriýanyň we Palestinanyň gözegçiligini ele geçirýär.

1648-nji ýylyň 20-nji awgusty… Rim-German imperiýasynyň Lens söweşinde ýeňilmeginden soň 30 ýyl uruşlary bes edilýär.

1866-njy ýylyň 20-nji awgusty… ABŞ-nyň prezidenti Abdrew Jonson Amerikan içerki urşunyň gutarandygyny yglan edýär.

1921-nji ýylyň 20-nji awgusty… Halkara Atletizm Federasiýasy döredilýär. Ozalky ähli ýokary derejeler dünýä rekordy hökmünde bellige alynýar.

1940-njy ýylyň 20-nji awgusty… Sowet ynkylabynyň öňbaşçylaryndan Leon Trotski Meksikada sürgünde Staliniň içalysy tarapyndan öldürilýär.

1968-nji ýylyň 20-nji awgusty… Çehoslowakiýa, Sowet Soýuzy we Warşawa Paktyna girýän ýurtlar tarapyndan basylyp alynýar.

1975-nji ýylyň 20-nji awgusty… NASA “Wiking 1” hemrasyny Marsa ugradýar. İki ýyl soň “Woýager 2”, Ýupiteri, Saturny we Neptuny öwrenmek üçin älem giňişligine uçuryldy.

1988-nji ýylyň 20-nji awgusty… 8 ýyl dowam eden Eýran-Yrak söweşi bes edilýär.

2008-nji ýylyň 20-nji awgusty… İspan howaýollarynyň ýolagçy uçary Madritden Kanar adalaryna gidýän uçaryň ýanmagy sebäpli 153 adam pida bolýar.

2016-njy ýylyň 20-nji awgusty… Gaziantebiň şäher merkezinde bir toýda guralan terror hüjüminde 50 adam pida bolýar, 94 adam ýaralanýar.

2017-nji ýylyň 20-nji awgusty… Amerikaly meşhur satirik Jerri Lewis 01 ýaşynda Las Wegasdaky öýünde dünýeden ötýär.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar