Taryhda 16-njy awgust

Taryhyň Şu Güni

1253153
Taryhda 16-njy awgust

Şu gün 2019-njy ýylyň 16-njy awgusty. Taryhyň şu güni gepleşigimiz başlaýar. 

1556-njy ýylyň 16-njy awgusty. Stambulda Süleýmaniýe metjidi dabara bilen açyldy.

1858-nji ýylyň 16-njy awgusty. ABŞ-nyň Prezidenti Jeýms Býukenen ilkinji okeanara telegraf söhbetdeşligini Britaniýanyň Şa zenany Wiktoriýa bilen geçirdi.

1868-nji ýylyň 16-njy awgusty. Perunyň Arika şäheri (Häzirki wagtda Çili döwletine degişli) 8,5 bal ululygynda bolan ýer titreme we ondan soň bolan sunami sebäpli ýer bilen ýegsan boldy. 25 müň adam Arika şäherinde bolmak bilen takmynan 70 müň adam ýogaldy.

1920-nji ýylyň 16-njy awgusty. Ýönekeý telbelik hekaýalary başda bolmak bilen ençeme eseriň ýazyjysy bolan Çarlez Bukowskiý Germaniýada doguldy.

1953-nji ýylyň 16-njy awgusty. Eýranyň Şasy Ryza Pehlewi we Şa aýal Süreýýa, Premýer ministr Musaddyky wezipeden çetleşdirip bilmänlikleri sebäpli Eýrany terk etdiler.

1974-nji ýylyň 16-njy awgusty. Kipr Parahatçylyk hereketiniň çäginde türk esgerler Famagusta, Nikosiýa we Lefke liniýasynyň demirgazygynda galan sebiti gözegçilik astyna aldy we ylalaşyk gazanyldy.

1977-nji ýylyň 16-njy awgusty. Rok-n-rollyň şasy Elwis Presli Greýslentde 42 ýaşynda dünýeden ötdi.

2002-nji ýylyň 16-njy awgusty. Hakyky ady Sabri Halil en-Benna bolan palestinaly syýasy lider Ebu Nidal Bagdatda ýogaldy.

2003-nji ýylyň 16-njy awgusty. 1971-1979-njy ýyllar aralygynda Uganda döwletini dolandyran diktator Idi Amin, sürgünde ýaşan ýeri bolan Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde ýogaldy.

2005-nji ýylyň 16-njy awgusty. Günbatar Karib howaýollaryna degişli ýolagçy uçar Wenesuelanyň golaýynda ýere gaçdy. Wakada 160 adam ýogaldy.

2008-nji ýylyň 16-njy awgusty. Ýamaýkaly atlet Useýn Bolt Pekinde geçirilen 2008 Tomus olimpia oýunlarynda 9,69 sekunt bilen 100 metr aralyk boýunça dünýä rekorduny goýdy. Bolt 1 ýyl soň bolsa Berlinde geçirilen Bütindünýä Atletika çempionatynda rekordyny 9,58 dereje bilen täzeledi.


Etiketkalar: #awgust , #taryh

Degişli Habarlar