Taryhda 14-nji awgust

Taryhyň Şu Güni

1252114
Taryhda 14-nji awgust

Şu gün 2019-njy ýylyň 14-nji awgusty. Taryhyň şu güni başlaýar.

1893-nji ýylyň 14-nji awgusty. Dünýäde ilkinji gezek Fransiýada ulaglara nomer dakyldy.

1908-nji ýylyň 14-nji awgusty. Bütindünýä owadanlyk bäsleşiginiň ilkinjisi Britaniýanyň Folkstone şäherinde geçirildi.

1941-nji ýylyň 14-nji awgusty. ABŞ-nyň Prezidenti Franklin Ruzwelt we Britaniýanyň Premýer ministri Uinston Çerçill, nasist Germaniýa garşy Atlantik ylalaşygyny çap etdi.

1945-nji ýylyň 14-nji awgusty. II Jahan urşyndan soň Ýaponiýanyň Imperatory Hirohito ýurdunyň şertsiz ýagdaýda boýun egýändigini mälim etdi.

1947-nji ýylyň 14-nji awgusty. Britaniýa Hindistana garaşsyzlyk berdi. Hindistanyň Musulman Bileleşiginiň lideri Muhammed Ali Jinnah we Kongres partiýasynyň lideri Pandit Nahrunyň Britaniýanyň meýilnamasyny kabul etmeginden soň ýurt Hindistan we Pakistan diýip ikä bölündi.

1974-nji ýylyň 14-nji awgusty. Türkiýäniň, Britaniýanyň we Gresiýanyň arasyndaky Ženewa konferensiýasyndan netije alynmazlygyndan soň, Türkiýe Parahatçylyk hereketiniň 2-nji etabyna geçdi. Türk esgerler Nikosiýa girdi.

2005-nji ýylyň 14-nji awgusty. Helios howa ýollaryna degişli ýolagçy uçar. Afinynyň demirgazygynda ýere gaçdy. Wakada 121 adam ýogaldy.

2006-njy ýylyň 14-nji awgusty. Hizbullah-Ysraýyl söweşi gazanylan ylalaşyk bilen bes edildi. Liwanyň goşuny we BMG-nyň Parahatçylyk güýji, Günorta Liwana ýerleşdirildi.


Etiketkalar: #awgust , #taryh

Degişli Habarlar