Taryhda 13-nji awgust

Taryhyň Şu Güni

1251868
Taryhda 13-nji awgust

Şu gün 2019-njy ýylyň 13-nji awgusty. Taryhyň Şu güni başlaýar.

1889-njy ýylyň 13-nji awgusty. Nemes Ferdinand Won Zeppelin, özi tarapyndan oýlanyp tapylan we Zeplin diýip atlandyrylan uçýan howa şarynyň patendini aldy.

1905-nji ýylyň 13-nji awgusty. Norwegiýa, geçirilen referendumyň netijesinde Şwesiýadan bölünip aýryldy. Ýurt Daniýaly Şazada Çarleziň Norwegiýanyň Şasy hökümnde yglan edilmeginden soň, dolulygyna garaşsyz bir şalyk ýagdaýyna geldi.

1954-nji ýylyň 13-nji awgusty. Pakistanyň Milli senasy Pakistanyň radiosynda ilkinji gezek ýaňlandy. 1947-nji ýylda Britaniýanyň koloniýasyndaky Hindistandan, başdan geçirilen ganly bir göreşden soň aýrylyp, garaşsyzlygyny yglan eden Pakistan 1971-nji ýylda ýene-de bir gezek bölündi we şu günki Bangladeş döwleti emele geldi.

1956-njy ýylyň 13-nji awgusty. Ylmy-fantastik edebiýatynyň iki beýik öňbaşçylaryndan biri

bolan we “Zaman ulagy” we “Dünýäler söweşi” ýaly meşhur eserleriň ýazyjysy we taryhçy

Herbert Jorj Wells aradan çykdy.

1961-nji ýylyň 13-nji awgusty. Sowuk söweşiň simwoly hasaplanýan we şäheri ikä bölen

Berlin diwarynyň gurluşygyna başlandy. 46 metr uzynlygyndaky Berlin Diwary şäheriň

gündogaryny we günbataryny biri-birinden 30 ýylyň dowamynda fiziki ýagdaýda aýry tutdy.  

1966-njy ýylyň 13-nji awgusty. Mao Szedun, Hytaýda Medeni ynkylap yglan etdi.

10 ýyl dowam eden hereket basyşlaryň we ganly aksiýalaryň hereketi hökmünde ýatda galdy.

1987-nji ýylyň 13-nji awgusty. ABŞ-nyň Prezidenti Ronald Reýgan, Eýran-Kontra skandalyndaky

jogapkärçiligini kabul etdi. Skandal ABŞ-nyň Eýrana garşy satan bikanun ýaraglaryndan

alan girdejisini Nikaraguadaky Sosialist hökümeti agdarmaga synanyşan anti-komunist

Kontra toparlaryna iberýändigi aýan bolmagyndan soň ýüze çykdy. 


Etiketkalar: #awgust , #taryh

Degişli Habarlar