Taryhda 14-nji iýul

Taryhyň Şu Güni

1234970
Taryhda 14-nji iýul

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 14-nji iýuly… Taryhyň Şu Güni başlaýar…

1683-nji ýylyň 14-nji iýuly… Merzifonly Kara Mustafa Paşanyň serkerdelik etmegindäki Osman goşunlary 2-nji Wena hüjümini başladýar.

1700-nji ýylyň 14-nji iýuly… Osman döwleti Patyşa Russiýasy bilen Stambul şertnamasyny baglaşýar.

1789-njy ýylyň 14-nji iýuly… Fransuzlar şalyga garşy aýaga galýar. Halk Parižiň Bastille tussaghanasyndaky syýasy tussaglary boşatdyrýar. Respublikanyň başlangyjy bolan 14-nji iýul fransuzlaryň milli baýramçylygy.

1933-nji ýylyň 14-nji iýuly… Germaniýada nasistler oppozision hereketi gadagan edýär.

1936-njy ýylyň 14-nji iýuly… Türkiýe ilkinji altyn medalyny alýar. Ýaşar Erkan Berlin olimpiadasynda göreşde 61 kilogram agyrlykda birinji orny eýeleýär.

1958-nji ýylyň 14-nji iýuly… Yrakda agdarlyşyk. Şa Faisal 2-nji we Premýer ministr Nuri Said Paşa öldürilýär.

1969-njy ýylyň 14-nji iýuly… ABŞ-da 500,  1000, 5 000, 10 000 dollarlyk banknotlar dolanşykdan çekilýär.

2003-nji ýylyň 14-nji iýuly… ABŞ-nyň hökümeti uçýan näbelli obýekt teoriýalary ýazylan “51-nji zolagyň” bardygyny ykrar edýär.


Etiketkalar: #Yrak , #altyn medal , #ilkinji

Degişli Habarlar