Taryhda 3-nji iýun

Taryhyň Şu Güni

1212999
Taryhda 3-nji iýun

1098-nji ýylyň 3-nji iýuny… Hristiýanlar tarapyndan guralan 1-nji Haçparaz ýörişinde 8 aý dowam eden gabawdan soň Antakiýa haçparazlar tarapyndan basylyp alynýar.

1926-njy ýylyň 3-nji iýuny… Türkiýede halkyň gurluşyk işlerine girişmegini höweslendirmek, degişli karzlary bermek we ýetimleriň hukuklary goramak maksady bilen Atatürkiň buýrugyna laýyklykda Emläk we Ýetimler banky açylýar.

1964-nji ýylyň 3-nji iýuny… Futbolyň “Akademigi” atlandyrylýan Lefter Küçükandonýadis Fenerbahçe-Beşiktaş ýubileý bäsleşiginde futbol bilen hoşlaşýar.

1963-nji ýylyň 3-nji iýuny… Pikirleri sebäpli durmuşynyň esasy bölegini tussaglykda ýa-da sürgünde geçiren, goşgulary elliden gowrak dile terjime edilen türk şahyry Nazym Hikmet Ran Moskwada aradan çykýar.


Etiketkalar: #Taryhda şu gün

Degişli Habarlar