Taryhda 28-nji maý

Taryhyň Şu Güni

1209470
Taryhda 28-nji maý

1812-nci ýylyň 28-nci maýy… Osman döwleti bilen Russiýanyň arasynda Buharest ylalaşygyna gol çekişilýär we Osman-Rus söweşi bes edilýär.

1830-ncy ýylyň 28-nci maýy… ABŞ-nyň Prezidenti Andrew Cekson Amerikan indeýleriniň ýurtlaryndan çykarylmagy we başga ýerlere sürgün edilmegi üçin Ýerli ýerleşdiriş kanununy tassyklaýar.

1913-nci ýylyň 28-nci maýy…Osman döwletinde ilkinci feminist gurama hasaplanylýan Tealii Niswan cemgyýeti döredilýär.

1918-nci ýylyň 28-nci maýy… Azerbaýcan Respublikasy Gruziýanyň Tibilisi şäherinde Mehmet Emin Resulzadanyň ýolbaşçylyk edýän Azerbaýcan Milli Şurasy tarapyndan garaşsyzlygyny yglan edilýär. 23 aýlyk gysga ömrüne garamazdan Azerbaýdan Demokratik Respublikasy musulman we türk halklar tarapyndan döredilen ilkinci meclisli demokratik hukuk döwleti bolmagy taýdan uly ähmiýete eýe. Respublika güni 1990-ncy ýyldan bäri Azerbaýcanda baýramçylyk hökmünde bellenilip geçilýär.

1952-nci ýylyň 28-nci maýy… Gresiýada zenanlara saýlama hukugy berilýär.

 1954-nci ýylyň 28-nci maýy… ÝUNESKO türk dilini dünýäde gepleşilýän esasy dilleriň hataryna goşýar.

1961-nci ýylyň 28-nci maýy… Londonda Halkara Günägeçişlik guramasy döredilýär.

1986-ncy ýylyň 28-nci maýy… Türk edebiýatynyň görnükli wekillerinden biri bolan Edip Cansewer dünýeden ötýär.



Degişli Habarlar