Taryhda 9-njy maý

Taryhyň Şu Güni

1197915
Taryhda 9-njy maý

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 9-njy maýy… Taryhyň şu güni başlaýar.

1485-nji ýylyň 9-njy maýy… Baýezyd 2-njiniň baş weziri Dawut serkerde tarapyndan Stambulyň ilkinji türk mekdebi “Mekdebi sübýan” açylýar. 1847-nji ýylda Rüşdiýe mekdebine öwrülen okuw jaýy, häzirki wagtda Dawutpaşa liseýi.

1945-nji ýylyň 9-njy maýy… 2-nji Jahan urşunyň ahyrynda Faşistik Germaniýanyň boýun egmegi bilen 9-njy maý Sowet Soýuzynda Ýeňiş güni diýip yglan edilýär.

1950-nji ýylyň 9-njy maýy… Fransiýanyň Daşary işler ministri Robert Sçumann bireşen Ýewropa pikirine esaslanýan Sçumann doklady bilen çykyş edýär. Şol doklad bilen ÝB-niň düýbi tutulýar. 1985-nji ýyldaky Milan maslahatynda bolsa 9-njy maýyň Ýewropa güni hökmünde bellenilip geçilmegi barada karar kabul edilýär.

1984-nji ýylyň 9-njy maýy… Türk roman, senari we kyssa ýazyjysy Ýaşar Kemal Fransiýanyň döwlet nyşany bilen sylaglanýar.



Degişli Habarlar