Taryhda 5-nji maý

Taryhyň Şu Güni

1194515
Taryhda 5-nji maý

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 5-nji maýy… Taryhyň Şu Güni başlaýar…

1821-nji ýylyň 5-nji maýy… Napolýon Bonapart sürgün edilen Saint Elene adasynda dünýeden ötýär.

1947-nji ýylyň 5-nji maýy… Belgiýa, Britaniýa, Daniýa, Fransiýa, Gollandiýa, Irlandiýa, Şwesiýa, Italiýa, Lýuksemburg we Norwegiýa Ýewropa Geňeşini döredýärler. Türkiýe bolsa 1949-njy ýylyň awgust aýynda agza bolýar.

1955-nji ýylyň 5-nji maýy…Günbatar Germaniýa doly özbaşdaklyk hukugyna eýe bolýar.

1955-nji ýylyň 5-nji maýy… Türk zenanlar bileleşiginiň başlangyjy bilen her ýylyň maý aýynyň ikinji ýekşenbesiniň Eneleriň güni hökmünde bellenilmegi barada karar kabul edilýär.

1961-nji ýylyň 5-nji maýy… Alan Şepard ABŞ-nyň älem giňişligine ugradan ilkinji adamy bolýar.  

1994-nji ýylyň 5-nji maýy… Naim Süleýmanogly Çeh Respublikasynda geçirilen Ýewropanyň ştanga çempionatynda 64 kilogram agyrykda rekord goýup üç altyn medal alýar.


Etiketkalar: #eneler , #ştanga , #zenan

Degişli Habarlar