Taryhda 3-nji aprel

Taryhyň Şu Güni

1176085
Taryhda 3-nji aprel

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 3-nji apreli… Taryhyň şu güni başlaýar.

1882-nji ýylyň 3-nji apreli… Amerikadaky içerki uruşdan soň eden ogurlyklary bilen meşhur bolan amerikaly garakçy Jesse Jeýms egindeşi Robert Ford tarapyndan öldürilýär.

1906-njy ýylyň 3-nji apreli… Lumir doganlar renkli fotosuraty oýlap tapýar.

1930-njy ýylyň 3-nji apreli… Türkiýede Zenanlara saýlama we saýlanma hukugy berilýär.

1937-nji ýylyň 3-nji apreli… Türkiýäniň demir we polat öndürijisi Karabük Demir-polat zawodynyň düýbi M.K.Atatürkiň görkezmesi bilen Premýer ministr Ismet Inöni tarapyndan Karabük şäherinde tutulýar.

1948-nji ýylyň 3-nji apreli… ABŞ-nyň Prezidenti Henri Truman ykdysady kömekleri baradaky Marşall maksatnamasyny tassyklaýar. 2-nji Jahan urşundan soň ykdysady çökgünlige sezewar bolan ýurtlara goldaw berilmegini nazarda tutýan maksatnamadan Türkiýe bilen bilelikde 16 ýurt peýdalanýar.


Etiketkalar: #zenan , #saýlamak , #zawot , #maksatnama

Degişli Habarlar