Taryhda 17-nji mart

Taryhyň Şu Güni

1164812
Taryhda 17-nji mart

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 17-nji marty… Taryhyň şu güni başlaýar…

1816-njy ýylyň 17-nji marty… Kapitan Pierre Anrieliň ýolbaşçylyk edýän 38 tonnalyk “Eliza” atly gämi Manş deňizini geçen ilkinji bugly gämi derejesine eýe bolýar.

1891-nji ýylyň 17-nji marty… Ahmed Ihsan Tokgöz “Serweti Fünun” žurnalyny açýar. Türk edebiýat taryhyndan möhüm orun tutýan žurnal belli şahyrdyr ýazyjylaryň gatnaşmagyndaky günbatar edebiýat akymyna öňbaşçylyk edýär.

1901-nji ýylyň 17-nji marty… Wan Gohyň suratlary Parižiň Brenhaým Iýun galareýasynda sergilenmäge başlanýar.

1941-nji ýylyň 17-nji marty… Nemes deňiz asty gämi kapitany Otto Kretmaýeriň deňiz asty gämisi batyrylýar we ýesir alynýar.

1948-nji ýylyň 17-nji marty… Belgiýanyň, Fransiýanyň, Gollandiýanyň, Britaniýanyň we Lýuksemburgyň arasynda 50 ýyl möhletli Brýussel ylalaşygyna gol çekişilýär hem-de Günbatar Ýewropa bileleşigi döredilýär.

1954-nji ýylyň 17-nji marty…  Bije bilen Ispaniýany çetleşdiren Türkiýäniň milli ýygyndy komandasy FIFA-da ilkinji gezek dünýä kubogyna gatnaşmaga hukuk gazanýar. Şweýsariýada geçirilen 5-nji Dünýä kubogynda Türkiýe birinji turnirde utulýar.


Etiketkalar: #žurnal , #kubok , #günbatar

Degişli Habarlar