Taryhda 15-nji mart

Taryhyň Şu Güni

1164046
Taryhda 15-nji mart

 

 

Şu gün 2019-njy ýylyň 15-nji marty…Taryhyň şu güni başlaýar…

Biziň eýýamymyzdan ozalky 44-nji ýylyň 15-nji marty…Dünýä taryhynyň iň bir täsir galdyryjy adamlaryndan biri kabul edilýän rimli esger we syýasatçy Ýuliý Sezar Brut we adamlary tarapyndan pyçaklanyp öldürilýär.

1892-nji ýylyň 15-nji marty… Reno tarapyndan “eskalatoryň” patenti alynýar. Basgançaklary yzgiderli aýlanýan ulgamly merdiwan elektrik bilen işleýärdi.

1921-nji ýylyň 15-nji marty… Osman döwletiniň ozalky baş weziri Talat Paşa ermeni göçürlişigine sebäp bolandygy bahanasy bilen 23 ýaşly Sogomon Tehlirýan tarapyndan Berlinde öldürilýär.

1989-nji ýylyň 15-nji marty… Ýewropanyň Çempion klublar kubogynda Galatasaraý Monako bilen bäsleşýär. Galatasaraý 1-1 hasabynda gutaran bäsleşikden soň kubokda finala çykýar.

2001-nji ýylyň 15-nji marty… Stambul-Moskwa saparlaryny ýerine ýetirýän uçar çeçen garakçylary tarapyndan alynyp gaçylýar. Medinä gondurylan uçara Saud Arabystanynyň antiterror güýçleri tarapyndan guralan operasiýada 1 türk ýolagçy, rus stýuordessa we bir garakçy ölýär.



Degişli Habarlar