Taryhda 8-nji mart

Taryhyň Şu Güni

1159456
Taryhda 8-nji mart

 

         Şu gün 2019-njy ýylyň 8-nji marty… Taryhyň şu güni başlaýar.

1857-nji 8-nji marty… Zenan işçileriň pida bolan güni “Bütindünýä aýal-gyzlar güni” hökmünde yglan edilýär. ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde 40 müň zenan işçi, iş şertleriniň gowulanmagy üçin dokma fabriginde iştaşlaýyş yglan edýär. Emma polisiň işçilere hüjüm etmegi we işçileriň fabrige gabalmagy, soň başlan ýangynda 129 işçi jan berýär. ABŞ-da zenanlaryň gyrylmagy sebäpli 1910-njy ýylda Kopengagende geçirilen Halkara sosialist zenanlarynyň maslahatynda 8-nji mart “Zähmetkeş zenanlaryň Bütindünýä güni” hökmünde yglan edilýär. BMG 1977-nji ýylyň 16-njy dekabrynda 8-nji marty “Bütindünýä aýal-gyzlar güni” hökmünde bellenilip geçilmegini kabul edýär.

Türkiýede bolsa 8-nji mart Zähmetkeş zenanlaryň Bütindünýä güni ilkinji gezek 1921-nji ýylda “Zähmetkeş zenanlaryň güni” hökmünde bellenilip geçilmäge başlanýar.

1906-njy 8-nji marty…Moro Kraderi gyrgynçylygy. ABŞ 1898-nji ýylda Ispaniýa bilen ylalaşyp, Filippini 20 million dollara satyn alýar. Emma Filippiniň halky ylalaşyga garşylyk görkezýär. 1902-nji ýylda ABŞ-nyň şol wagtky prezidenti Teodor Ruzwelt Filippinde urşuň bes edilendigini habar berýär, emma onuň Moronyň halkyna degişli bolmandygyny beýan edýär. Amerikan esgerleri Moro Kraterine gizlenen zenanlar we çagalar bilen bilelikde 600 musulman filippinlini öldürýär.

1944-nji 8-nji marty… Satiriki romanlary bilen meşhur bolan türk ýazyjysy we žurnalist Hüseýin Rahmi Gürpynar aradan çykýar.

1955-nji 8-nji marty… Türkiýede ilkinji raga garşy göreş dispanseri açylýar.

1974-nji 8-nji marty… Parižiň Çarlez De Gaulle howa menzili ulanmaga berilýär.



Degişli Habarlar