Taryhda 14-nji fewral

Taryhyň Şu Güni

1145049
Taryhda 14-nji fewral

Taryhyň Şu Güni 

Taryhyň şu güni başlaýar…

14-nji fewral Walentina güni köp sanly ýurtda bellenilip geçilýän günlerden biri. Asly Rimiň katolik buthanasynyň ynanyşyndan gelip çykýar. Walentina atly ruhanynyň rimli esgerleriň öýlenmegi gadagan bolan döwürde olaryň öýlenmeklerine kömek edendigi ýa-da aşyklary gizlinlik bilen öýlendirendigi rowaýat edilýär. 496-njy ýylyň 14-nji fewralynda Papa Gelasius tarapyndan yglan edilendigi aýdylýar.

1946-njy 14-nji fewraly… Elektrik togy bilen işleýän we elektronik maglumat ýygnamaga ukyply bolan ilkinji kompýuter ENIAK Pensilwaniýa uniwersitetinde tanyşdyrylýar. II Jahan urşy ýyllarynda amerikaly alymlar tarapyndan öndürilen ENIAK 167 inedördül meýdana sygýardy we agramy 30 tonna barabardy.

2004-nji 14-nji fewraly… Gamburgda doglan türk režisýory Fatih Akynyň “Diwara garşy” atly filmi Halkara Berlin kino festiwalynda “Altyn aýy” baýragyna laýyk görülýär.



Degişli Habarlar