Taryhda 2-nji fewral

Taryhyň şu güni

1137220
Taryhda 2-nji fewral

Taryhyň şu güni

Aleksandr Selkirk 4 ýyl 4 aýyň dowamynda Çilä 400 mil uzaklykdaky, şol günki ady bilen Isla Mas Týerra adynda ýeke başyna ýaşanyndan soň, 1709-njy ýylyň 2-nji fewralynda Wudes Rojers tarapyndan halas edildi. Ählimiziň bilişimiz ýaly yazyjy Daniel Defo, Robinzon Kruzo romanyny bu wakadan ylham alyp ýazdy. Hatda adanyň ady hem 1966-njy ýylda Çiliniň hökümeti tarapyndan Isla Robinzon Kruzo adasy diýip üýtgedildi.

 

1970-nji ýylyň 2-nji fewralynda iňlis matematik, taryhçy we jemgyýetçilik tankytçysy, Nobel baýragynyň eýesi Bertrand Rassel aradan çykdy. Ömri boýunça söweşlere garşy bolan Rassell, erkin söwda we imperializme garşy hereketlere goldaw berdi. Parahatçylykly pozisiýasy sebäpli I Jahan urşynda azatlykdan mahrum edildi. II Jahan urşynda Adolf Gitlere garşy wagyzlar geçiren Bertrand Rassel, Wýetnam söweşindäki pozisiýasy sebäpli Amerikan hökümetini hem günäkärledi. Ýadro ýaraglanma hem garşy bolan Bertrand Rasseliň soňky aksiýalarynyň biri hem Ysraýylyň Orta Gündogardaky ýurtlara garşy alyp barýan pozisiýasyny tankyt edýän bildiriş çap etmegi boldy. Bertrand Rassel adam hukuklary we pikir azatlygyny goldap ýazan makalalary sebäpli 1950-nji ýylda Nobel Edebiýat sylagyna laýyk görüldi.

 

2000-nji ýylyň 2-nji fewralynda Kot-d’Iwuaryň Milli futbol ýygyndysynyň futbolçylary, Afrika kubogynyň ilkinji tapgyrynda şowsuz çykyş etmegi bilen, ýurdyň diktatory tarapyndan bir harby bazada tussaglyga alyndy. 2000-nji ýylda üstünlikli çykyş etmeselerem soňky ýyllarda Kot-d’Iwuaryň Milli futbol ýygyndysy, 2006 FIFA Dünýä kubogynda we 2010 FIFA Dünýä kubogyna gatnaşan ýygyndylaryň düzümine girmegi başarypdy.

 

BMG-niň Klimat habarnamasy 2007-nji ýylyň 2-nji fewralynda aýan edilipdi. Habarnamada Global ýylylygyň adamlaryň saglyklaryna howp salýandygy barada duýduryş berilipdi. Atmosfera goýberilýän gazlar sebäpli emele gelýändigi çak edilýän kömürturşy gazlaryň täsiri netijesinde, dünýäde ýylyň dowamynda gury ýerde, deňizlerde we howada bellige alynan ortaça ýylylyklarda artyşy aňladýan global ýylylyk hadysasy dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleriniň hatarynda bolmagyny dowam etdirýär.



Degişli Habarlar