Taryhda 27-nji ýanwar

Taryhyň şu güni

1133009
Taryhda 27-nji ýanwar

 

 

Taryhda 27-nji ýanwar

1791-nji ýylyň 27-nji ýanwary… Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeus Mosart dünýä inýär. Aýdym-sazyň ägirtlerinden biri hökmünde kabul edilýän Mosart Awstriýanyň Salzburg şäherinde dogulýar. Klassiki günbatar sazynyň iň döredijilikli we täsir galdyryjy kompozitorlaryndan biri. Sazlary, simfoniýalary, konsertleri, kamera horlaryny, pianinony, operany we hor bolup ýerine ýetirilýän sazlara uly täsir ýetirýär. 35 ýyllyk ömründe 626 eser döredýär.

1915-nji ýylyň 27-nji ýanwary… ABŞ-nyň Deňiz güýçleri Gaitini basyp alýar.

1967-nji ýylyň 27-nji ýanwary… Apollo-1 emeli hemrasy Kennedi Kosmos merkezinde synagdan geçirilýärkä ýanýar. Kosmonawtlar Gus Grissom, Edward Higgins Waýt we Roger Çafi aradan çykýar.

1973-nji ýylyň 27-nji ýanwary… ABŞ we Wiýetnam hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşyga gol çekişýär. ABŞ-nyň Demirgazyk we Günorta Wiýetnamyň hem-de Wiýetkongyň wekilleri Parižde ABŞ-nyň Wiýetnam söweşine gönüden goşulyşmagyny ortadan aýyrýan ýaraşyk şertnamasyna gol goýýarlar.

1973-nji ýylyň 27-nji ýanwary… Türkiýäniň Los Anjelesdäki Başkonsuly Mehmet Baýdar we Konsul Bahadyr Demir Ermeni terror guramasy ASALA tarapyndan öldürilýär.

1996-njy ýylyň 27-nji ýanwary… Çaga hukuklary şertnamasy Türkiýe tarapyndan şertli kabul edilýär.


Etiketkalar: #kompozitor , #pianino , #çaga , #hukuk

Degişli Habarlar