Taryhda 17-nji ýanwar

Taryhyň Şu Güni

1127679
Taryhda 17-nji ýanwar

 

 

Taryhda 17-nji ýanwar

Taryhyň şu güni başlaýar…

Don Kihot… Ýewropanyň ilkinji döwrebap romany. Ispan şahyry we ýazyjy Miguel Serwantes tarapyndan ýazylan roman ilkinji gezek 1605-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda çap edilýär. Awtoryň tussaghanada ýazan, öz durmuşyny tankyt edýän Don Kihot atly kitaby 38 dile terjime edilýar we henizem dünýäde iň köp okalýan eserlerden biri.

Galatasaraý we Fenerbahçe… Diňe bir Türkiýede däl, eýsem Ýewropada tanalýan futbol komandalary. Iki sany köne bäsdeş… Bäsleşikleri materikara derbi kabul edilýän Türkiýäniň iki meşhur komandasy ilkinji gezek 1909-njy ýylyň 17-nji ýanwarynda basleşýärler. Bäsleşik Galatasaraýyň hasabyna 2-0 gutarýar.

 

1995-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Ýaponiýanyn Osaka-Kobe sebitinde 7,2 bala barabar ýer titremesi bolýar, 6 müňden gowrak adam ýogalýar.

Türk dünýäsi 2012-nji ýylda beýik döwlet adamlaryndan birini ýitirýär. Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň esaslandyryjy Prezidenti Rauf Denktaş 13-nji ýanwarda aradan çykýar. Rauf Denktaş ýaş žurnalist ýyllarynda Kipr türkleriniň garaşsyzlyk göreşşine başlaýar. Soň Türk göreş guramasyna öňbaşçyyk edip, türk göreş hereketini döredýär. Kiprde grekler bilen bilelikde ýaşaýan türkleriň grek garakçylary tarapyndan gyrylmagy sebäpli 1974-nji ýylda Türkiýe Kipre parahatçylyk operasiýasyny guraýar. Rauf Denktaş operasiýadan soň adanyň demirgazyk böleginde ýaşamaga başlan kiprli türkleriň hukuklaryny halkara arenada gorady. 1983-nji ýylda döredilen DKTR-nyň ilkinji prezidenti bolýar.

Rauf Denktaş 17-nji ýanwarda Kiprdäki Selimiýe metjidinde okalan jynaza namazyndan soň Respublika seýilgähindäki aramgähde jaýlanýar.



Degişli Habarlar