Taryhda 15-nji ýanwar

Taryhyň şu güni başlaýar…

1125772
Taryhda 15-nji ýanwar

 

Taryhda 15-nji ýanwar

Britaniýanyň London şäherinde ýerleşýän, dünýäniň çara tarapyndan saýlama gadymy eksponatlary we etnografiýa kolleksiýalaryny özünde jemleýän Britiş Muzeýi 1759-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Montegu Hausda açylýar.

1753-nji ýylda lukman we tebigaty öwreniji Ser Hans Sloanyň ýygnan kitaplaryny, golýazmalaryny we tebigy eksponatlary kolleksiýasynyň iňlis hökümeti tarapyndan satyn alynmagy bilen açylan, soň goýulan miraslar, berilen kitaplar, golýazmalar, zikkeler hem-de antikalardan ybrat bolan baý elleksiýa eýe Britiş Muzeýi binasyna bolsa 1847-nji ýylda göçürilýär.

1892-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda basketbolyň düzgünleri, oýunyň dörän ýeri hasaplanylýan Springfieldde Dr.Jeýms Naismit tarapyndan çap edilýär. Maýas taýpasynyň Tlahiotenie oýunyndan ylham alyp, kanadaly türgenleşdiriji Jeýms Naismit tarapyndan kämilleşdirilen basketbol ilkiler atlatikaçylara we beýzbolçylara gyşky türgenleşik geçirmek maksady bilen oýnalýardy.

ABŞ 1952-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkiýäniň Demirgazyk Alýansy NATO agzalygyny tassyklaýar.

Ýewropanyň Horwatiýanyň we Sloweniýanyň garaşsyzlygyny ykrar etmeginden soň Ýugoslawiýa 1992-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda resmi taýdan dargaýar.

Türkiýäniň belli futbol klublaryndan biri bolan Galatasaraýyň Türkiýedäki J90 görüş giňligine eýe bolan ilkinji stadiony Türk Telekom Arena 2011-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Galatasaraý bilen AFJ Ažaxyň dostluk bäsleşiginde açylýar.



Degişli Habarlar