Taryhda 11-njy ýanwar

Taryhyň Şu Güni

1123482
Taryhda 11-njy ýanwar

 

Taryhda 11-njy ýanwar

Taryhyň şu güni başlaýar…

630-njy ýylyň 11-njy ýanwary- Musulmanlar Muhammed ben Abdullah öňbaşçylygynda Käbäni zabt edýär. Mekgäniň zabt edilmegi bütin Arabystanyň zabt edilmegini üpjün eden yslamyň ýaýbaňlandyran esasy başlangyçdyr.

1921-nji ýylyň 11-njy ýanwary Azat edijilik urşunyň 1-nji Inönü söweşi gutarýar. Grek güýçleri yza çekilýär. 1-nji Inönü ýeňişi Türkiýäniň Mejlisiniň döreden harby goşunynyň ilkinji ýeňişi bolýar.

1922-nji ýylyň 11-njy ýanwary insulin süýji keseliniň bejergisinde ilkinji gezek ulanylýar. Insulin bilen bejerilen ilkinji adam Leonard Tomson atly 14 ýaşly süýji keselli ýetginjek.

1946-njy ýylyň 11-njy ýanwary Enwer Howa Albaniýada Halk Respublikasyny yglan edýär we ýurduň ilkinji prezidenti bolýar.

1683-nji ýylyň 11-njy ýanwary Etna wulkan dagy ilkinji gezek atylýar. Italiýada Sisiliýanyň gündogar 3300 metr beýiklikdäki Etna asyrlardan bäri Ýewropada henizem ýanmaga dowam edýän iň uly wulkaniki dag.

 



Degişli Habarlar