Samara Žoý Stambulda Konsert Berer
Amerikaly jaz aýdymçysy Samara Žoý 19-njy aprelde Stambulda konsert berer.
2127891
![Samara Žoý Stambulda Konsert Berer](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/f3c6/923c/709a/661cf03cb8e60.jpg?time=1722046942)
Sosial media üçin taýýarlan wideolary bilen hem ünsleri çekýän Žoýa konsertde deprekçi Ewan Şerman, wirtüöz kontrabasçy Feliks Moseholm we pinist Kameron Kampbell ýoldaşlyk eder.
Ýewropadan Amerika, dünýäniň iň abraýly jaz festiwallarynda we zallarynda konsertler beren 25 ýaşly Žoý, saz bilimini 2021-nji ýylda tamamlaýar. Ýaş aýdymçy şol ýyl öz adyny göterýän ilkinji albomy bilen “ŽazzTimes” tarapyndan “Iň ussatý ýaş sungat ussady” diýlip saýlandy.
65-nji Grammi baýraklarynda “Iň ussat jaz wokal albomy” baýragyna laýyk görülen Samara Žoý, şu ýyl bolsa “Tight” albomy bilen “İň ussat Jaz Solo” baýragyny aldy.
Degişli Habarlar
![Türkiýe Pariž Olimpiadalaryna 102 Türgen Bilen Gatnaşar](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/2a3b/c377/4a5d/66991782c97ec.jpg?time=1722046942)
Türkiýe Pariž Olimpiadalaryna 102 Türgen Bilen Gatnaşar
Türkiýe, 2024 Olimpiada oýunlarynda 18 ugur boýunça 102 türgen bilen bäsleşer.