Türkiýe Medeniýet Ýoly Festiwaly 16 Şäherde Geçirler
8 aý dowam etjek festiwalyň çäginde 6 müňden gowrak çäre geçirler.
![Türkiýe Medeniýet Ýoly Festiwaly 16 Şäherde Geçirler](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/fc3d/5915/e217/66015503548ec.jpg?time=1722046761)
Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Türkiýe Medeniýet ýoly festiwaly hakynda Stambul şäherinde beýannama berdi.
8 aý dowam etjek festiwalyň çäginde 6 müňden gowrak çäre geçirler.
Ministr Ersoý, Medeniýet ýoly festiwalynyň dünýäde deňi-taýynyň ýokdygyny nygtady.
Mehmet Nuri Ersoý “2023-nji ýylda festiwala 34 müň sungat ussady gatnaşdy. Şu ýyl bolsa 40 müň sungat ussadynyň gatnaşmagyny maksat edinýäris”diýdi.
Ministr Ersoý “Şu ýyl Türkiýe Medeniýet ýoly festiwaly aprel aýynyň 13-21-i aralygynda Adanada geçiriljek apelsin gülü karnawaly bilen başlar. Medeniýet festiwaly noýabr aýynyň 2-10-y aralygynda Antalýada geçiriljek çäre bilen tamamlanar” diýdi.
Degişli Habarlar
![Türkiýe Pariž Olimpiadalaryna 102 Türgen Bilen Gatnaşar](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/2a3b/c377/4a5d/66991782c97ec.jpg?time=1722046761)
Türkiýe Pariž Olimpiadalaryna 102 Türgen Bilen Gatnaşar
Türkiýe, 2024 Olimpiada oýunlarynda 18 ugur boýunça 102 türgen bilen bäsleşer.