Antalýa ýylyň ilkinji iki aýynda rekord derejede daşary ýurtly syýahatçy geldi

Türkiyäniň Antalýa welaýatyna ýylyň ilkinji iki aýynda rekord derejede daşary ýurtly syýahatçy geldi

2111465
Antalýa ýylyň ilkinji iki aýynda rekord derejede daşary ýurtly syýahatçy geldi

Türkiyäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň maglumatyna görä şähere ýanwar we fewral aýlarynda gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 10,82 göterimlik artyş bilen, 499 müň 784-e ýetdi. 

Antalýa fewral aýynda iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda 58 müň 228 adam bilen Germaniýa 1-nji boldy. 

Russiýa Federasiýasy 48 müň 937 syýahatçy bilen 2-nji, Beýik Britaniýa 37 müň 454 syýahatçy bilen 3-nji boldy. 

Polşa, Gollandiýa, Gazagystan, Ukraina, Daniýa, Awstriýa we Belgiýa bolsa Beýik Britaniýadan soň nobat bilen Antalýa iň köp syýahatçy ugradan ýurtlar boldy. 

Iki aýlyk görkezijilere görä bolsa Russiýa 106 müň 304 syýahatçy bilen 1-nji bolan bolsa, Germaniýa 97 müň 655 syýahatçy bilen 2-nji, Beýik Britaniýa 55 müň 384 syýahatçy bilen 3-nji boldy. 

Beýik Britaniýadan soň nobat bilen Polşa, Gazagystan, Ukraina, Gollandiýa, Eýran, Belgiýa we Daniýa gelýär. 



Degişli Habarlar