"Flying Fox" ýahtasy Mugla welaýatyna geldi

Dünýädäki iň uly ýahtalaryň biri bolan "Flying Fox" atly ýahta ýangyç dolduranyndan soň ýola çykjakdygy habar berildi

2100714
"Flying Fox" ýahtasy Mugla welaýatyna geldi

Motor ýahtalarynyň uzynlyklaryna görä taýarlanan sanawda dünýäniň iň uly 20 ýahtanyň biri bolan "Flying Fox" atly ýahta Mugla welaýatynyň Fethiýe etrabyna geldi. 

Kaýman adalarynyň baýdagyny göterýän 136 metr uzynlygyndaky ýahta Fethiýe etrabynyň portyna geldi. 

Syýahatçylyk zolagynyň dürli nokatlaryndan görüp bolýan ýahta ululygy we owadan görnüşi bilen ünsleri özüne çekýär. 

Dünýädäki iň uly ýahtalaryň biri bolan "Flying Fox" atly ýahta ýangyç dolduranyndan soň ýola çykjakdygy habar berildi. 


Etiketkalar: #Fethiýe , #Mugla , #ýahta

Degişli Habarlar