Afrikanyň Milliler kubogynyň çempiony Kot-d' Iwuar boldy
Kot-d' Iwuar ozal bolsa 1992-nji we 2015-nji ýyllarda Afrikanyň çempiony bolupdy
Afrikanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan şu ýyl 34-nji gezek geçirilýän turniriň finalynda Nigeriýa bilen ýer eýesi Kot-d' Iwuar özara bäsleşdi.
Kot-d' Iwuar 1-0 hasabynda ýeňilip gelýän duşuşygyň ahyrynda Nigeriýany 2-1 hasabynda ýeňmegiň hötdesinden gelip, ýaryşyň çempiony boldy.
Kot-d' Iwuaryň çempion bolan duşuşykda gollary garşydaş ýygyndynyň derwezesine 62-nji minutda Frank Kessi we 81-nji minutda Sebastian Haller geçirdi.
Nigeriýanyň ýeke täk goluny bolsa 38-nji minutda Willion Troost-Ekong geçirdi.
Kot-d' Iwuar taryhynda 3-nji gezek Afrikanyň kubogyny gazandy.
Kot-d' Iwuar ozal bolsa 1992-nji we 2015-nji ýyllarda Afrikanyň çempiony bolupdy.
Degişli Habarlar
![Türkiýe Pariž Olimpiadalaryna 102 Türgen Bilen Gatnaşar](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/2a3b/c377/4a5d/66991782c97ec.jpg?time=1722045819)
Türkiýe Pariž Olimpiadalaryna 102 Türgen Bilen Gatnaşar
Türkiýe, 2024 Olimpiada oýunlarynda 18 ugur boýunça 102 türgen bilen bäsleşer.