Malatýa Şäher Häkimliginiň Sport Komandasynyň Iki Türgeni Ýer Titremesinde Ýogaldy
Milli woleýbolçysy Mehmet Jan Agyrbaş bilen Eminjan Kojabaşyň ýogalmagyna uly gynanç bildirýäris.

Malatýada harabalygyň aşagynda bolan Malatýa şäher häkimliginiň sport komandasynyň iki milli woleýbolçysy Mehmet Jan Agyrbaş bilen Eminjan Kojabaş halas edilip bilinmedi.
Türkiýe Woleýbol federasiýasynyň woleýbol bäsleşiklerine gatnaşýan Malatýa şäher häkimliginiň sport komandasynyň türgenleriniň bolýan myhmanhanasy ýer titremesinde ýykyldy.
Gözleg we halas ediş işlerinde harabalygyň aşagynda galan iki woleýbolçynyň jesedi çykaryldy.
Türkiýe Woleýbol federasiýasyndan berlen beýannamada, “Ýurdumyzda bolan ýer titremesinde Malatýa şäher häkimliginiň sport komandasynyň iki milli woleýbolçysy Mehmet Jan Agyrbaş bilen Eminjan Kojabaşyň ýogalmagyna uly gynanç bildirýäris. Türgenlerimize Alladan rehnet dileýäris. Hossarlaryna, Malatýa şäher häkimliginiň sport komandasyna we ähli woleýbolçylara gynanç bildirýäris” diýildi
Degişli Habarlar

Eýranly Syýahatçylar Nowruz Baýramy Üçin Wana Geldi
Eýranly syýahatçylar, Nowruz baýramyny Wan şäherindäki dynç alyş merkezlerinde belläp geçýär.

Sport Toto Super liganyň 26-njy hepdesi tamam boldy
Sport Toto Super liganyň 26-njy hepdesi geçirilen 3 aýry duşuşyk bilen tamam boldy