Selçuk Jan Altyn Medal Aldy

Milli türgen Selçuk Jan finalda eýranly Sažžad Ali İmentalabfoumani bilen bäsleşdi.

1942410
Selçuk Jan Altyn Medal Aldy

Horwatiýada geçirlen Zagrep Açyk göreş bäsleşigine gatnaşan türk türgeni Selçuk Jan grek-rim göreşi boýunça 72 kilogram agyrlykda altyn medal aldy.

Selçuk jan guramaçylykdan nobaty bilen hytaýly, polşýaly we fransiýaly bäsdeşlerini ýeňip final bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandy.

Milli türgen Selçuk Jan finalda eýranly Sažžad Ali İmentalabfoumani bilen bäsleşdi.

Selçuk Jan bäsdeşini 3-1 hasabynda ýeňip altyn medalyň eýesi boldy.

Selçuk Jani geçen ýylyň sentýabr aýynda Serbiýanyň paýtagty Belgratda geçirlen Dünýä çempionadynda bürünç medal alypdy.

 



Degişli Habarlar