IV Çarwa Oýunlary Tamamlandy

“Iznikde 102 ýurtdan 3 münden gowrak türgen, sporduň 40 görnüşi boýunça dürli bäsleşikler geçirdi, öz medeniýetlerini tanyşdyrdy”

1887433
IV Çarwa Oýunlary Tamamlandy

IV Çarwa oýunlary Iznikde geçirildi.

Çarwa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda çykyş eden Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapoglu, oýunlaryň Türk dünýäsiniň arasyndaky baglary güýçlendirendigine ünsi çekdi.

4 günüň dowamynda çagalaryň, ýaşlaryň we raýatlaryň öz medeniýetini tanandygyny nygtan Ministr Kasapoglu, çarwa oýunlarynyň dünýäniň çar tarapyndan gelenleri duşuşdyrandygyny ýatlatdy.

Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapoglu Iznik kölünden alynan suwy, 2024-nji ýylda çarwa oýunlaryna ýer eýeçiligini etjek Gazagustanyň Medeniýet we sport ministri Dauren Abaýewe gowşurdy.

Bütindünýa Etnospor konfederassiýasynyň başlygy Bilal Erdogan bolsa çarwa oýunlaryna gatnaşanlara minnetdarlyk bildirdi.

Bilal Erdogan, “Iznikde 102 ýurtdan 3 münden gowrak türgen, sporduň 40 görnüşi boýunça dürli bäsleşikler geçirdi, öz medeniýetlerini tanyşdyrdy” diýdi.



Degişli Habarlar