Woleýbolçy Gyzlar Günorta Koreýany 3-0 Hasabynda Ýeňdi
Woleýbolçy gyzlar B toparyndaky 3-nji bäsleşigini şu gün Türkiýe wagty bilen 18.30-da Dominik Respublikasy bilen geçirer.
1885406
Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy FYWB Bütindünýä çempionadyndaky ikinji bäsleşiginde Günorta Koreýanyň woleýbol komandasyny 3-0 hasabynda ýeňdi.
Woleýbolçy gyzlar şeýlelikde toparyndaky ilkinji üstünligini gazandy.
Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy, Polşanyň Gdansk şäherinde geçirlen bäsleşikde bäsdeşini 3-0 hasabynda ýeňmegi başardy.
Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy B toparyndaky 3-nji bäsleşigini şu gün Türkiýe wagty bilen 18.30-da Dominik Respublikasy bilen geçirer.
Bäsleşikde TRT SPOR kanaly arkaly ýaýlyma berler.
Degişli Habarlar
Antalýa Gelýän Kruiz Gämileriniň Sany Köpelýär
Antalýanyň Alanýa etrabyna bolsa ýylyň ilkinji kruiz gämisi geldi.