Ýasemin Jan 10 Müň Metre Ylgamakda Ikinji Gezek Çempion Boldy

Ýasemin, çempionadyň taryhynda 10 müň metre ylgamakda ikinji gezek çempion bolan ilkinji zenan atletikaçy boldy

1868894
Ýasemin Jan 10 Müň Metre Ylgamakda Ikinji Gezek Çempion Boldy

Ýewropa Atletika çempionadynda 10 müň metrde 30:32.57-lik derejesi bilen altyn medal alan türk türgeni Ýasemin Jan, çempionadyň taryhynda bu ugurda ikinji gezek çempion bolan ilkinji zenan atletikaçy boldy.

Atletika Federassiýasynyň başlygy Fatih Çintimari “Türkiýe Atletika federassiýasy 15-nji awgustda 100 ýaşyny doldurdy. 100 ýaşymyzy belläp geçýän günümiz milli türgenimiz Ýasemin Jan 10 müň metrde 30:32.57-lik derejesi bilen altyn medal aldy. Ýasemin, çempionadyň taryhynda 10 müň metre ylgamakda ikinji gezek çempion bolan ilkinji zenan atletikaçy boldy. Bu şatlykly habar biziň üçin diýseň möhüm” diýdi.

 



Degişli Habarlar